Tel:+99363021638
Faberlic
(Du.-Ye. 00:00 - 23:59)
Faberlic boýunça konsultant

Baş sahypa

Bu ýerde siz aşakdaky soraglara jogap tapyp bilersiňiz!

(Ýöne ilki ünsli okap görmegi maslahat berýäris!)

 

  1. Faberlic kompaniýasynda işläp aýlyk alyp bolýar diýýäler, şol dogrymy?
  2. Faberlic-de işlemegiň nähili ýollary bar, iş prosesini nähili alyp barmaly?
  3. Faberlic-de işlesem aýlygym näçeräk çykarka?
  4. Faberlic-de işlemek üçin başda näçeräk pul gerek??
  5. Faberlic-de işlemek üçin nähili resminamalar gerek?
  6. Faberlic-de işlesem maňa nähili ýeňillikler döredilýär?
  7. Faberlic-de işlesem zähmet depderçäme (Trudowoý) ýazylýarmy?
  8. Kompaniýanyň kömegi bilen daşary ýurtlara syýahata gidip bolýar diýýärler, şol çynmy?
  9. Kompaniýanyň tassyklaýjy resminamalary (lisenziýa) barmy?
  10.  Faberlic-de özüňi nädip hasaba aldyrmaly?
  11. Faberlic-de gerek zadyňy nädip zakaz etmeli, tölegini nädip töläp bolýar?

 

Ýöne ilki bilen aşakdaky düşünjeleri özleşdirmeli!

 

Katalok – harytlaryň suratlaryny we häsiýetnamalaryny özünde saklaýan nomerlenen kitapça, başgaça minimarket. (Elektron görnüşlerde saýtda we programmada şeýle hem elektron kitap görnüşde görüp bolýar)

 Katalogy alyp gormek (skacat)

 

Bal – Faberlic-de edilen söwdanyň möçberine baglylykda size bal berilýär. Biziň ýagdaýymyzda 22 man – 1 bal.

 

Komanda – bu seniň öz adyňdan işe getiren adamlaryň toplumy.

 

  1. Faberlic kompaniýasynda işläp aýlyk alyp bolýar diýýäler, şol dogrymy?

Hawa, Faberlik kompaniýasynda işläp uly-uly aýlyklara ýetip bolýar.

 

  1. Faberlic-de işlemegiň nähili ýollary bar, iş prosesini nähili alyp barmaly?

Faberlic-de işlemegiň (gazanç etmegiň) aşakdaky ýollary bar:

-         Söwda-satyk. Ýagny Faberligiň harytlaryny arzanladyş (skidka) bilen alyp, ony alyjylara ýerlemek, öz peýdaňy görmek.

-         Biznes ýoly. Ýagny aýlyk almak. Bu Faberlic-de gazanç etmegiň iň bir amatly we girdejili ýolydyr. Onuň üçin işläp biläýjek adamlary öz yzyňdan işe çagyrmaly. Olar zakaz alyp işläp başlanyndan soň, olaryň işjeňligine görä size aýlyk çykyp başlaýar.

-         Hemişelik klient toplamak. Ýagny diňe özi üçin gerekli zatlary alýan adamlary hemişelik (postoýannyý) klientiň etmek.

 

  1. Faberlic-de işlesem aýlygym näçeräk çykarka?

Faberlic-de işleseň aýlygyň öz eliňde! Näçe aktiw işledigiňçe aýlygyňy hem, wezipäňi hem galdyryp bolýar. Aýlygyň mukdary seniň her katalokdaky gazanýan ballaryň mukdaryna bagly. Meselem balyňy 2000-e ýetirseň 5000-6000 manat (täze pulda) aýlyk çykýar. Iň pes aýlyk 53 man. Aýlygyň ýokarky çägi ýok.

Aýlyk

Wezipe

100*17.6*3%=53 man

Консультант

200*17.6*6%=100-200 man

Старший консультант

600*17.6*9%=750-800 man

Лидер

1000*17.6*12%=1700-1900 man

Старший лидер

1500*17.6*15%=3000 man

Вице директор

2000*17.6*19%=4000-6000 man

Старший вице директор

3000*17.6*23%=9000-10000 man

Директор

 

  1. Faberlic-de işlemek üçin başda näçeräk pul gerek?

Faberlic-de işe başlamak üçin 1000 manat ýeterlik. Ýöne käbir adamlarda 1000 man bolmadyk ýagdaýynda 300 manat bilen hem başlap bilýärler. Ýagny iň kiçi zakaz. Şol 300 manatlyk harydy satyp, oborod edip bir katalokda öz 50 balyňy gazanyp hem bolýar. Ýa-da alyjylardan zakazlaryň puluny öňünden alyp (awans), oňa zakazyny edip işläp başlaýanlar hem tapylýar.

 

  1. Faberlic-de işlemek üçin nähili resminamalar gerek?

Faberlige ýazylmak üçin esasan aşakdaky maglumatlar gerek.

-         Familiýasy, ady we atasynyň ady (Oçestwo)

-         Doglan senesi

-         Emeil salgysy

-         Telefon nomeri

-         Ýaşaýan ýurdy we şäheri

Bellik: bu maglumatlaryň ählisi hem anyk we hakyky bolmaly.

 

  1. Faberlic-de işlesem maňa nähili ýeňillikler döredilýär?

Ýeňillikler:

-         Faberlic-de hasaba aldyrmak mugt

-         Harytlara 20%-den 70%-e çenli arzanladyş (skidka) bar.

-         Sowgatlar. Kesgitlenen bala ýeteniňden soň kompaniýa size ýörite sowgatlary berýär

-         Aýlyk almagy, komanda düzmegi öwredýär. Sizden ýokarky işgärler hemişe siziň soraglaryňyza jogap tapmana ýardam edýär. Dürli okuwlary (obuçeniýa) gurnap işe girişmäge ugrukdyrýar (Tejribe alyş-çalşygy (obmen opyta))

-         Zakaz edilýän harytlar üçin poçta pul hökmünde (dostawka) ujypsyz, ýagny umumy bahanyň 3%-e deň mukdarda pul tutulýar. Zakaz edilen harytlar maksimum 1 hepdede gelip gowuşýar

-         Faberlic-de işleýän eneler üçin kömek pullary (posobiýe) hem tölenýär.

 

  1. Faberlic-de işlesem zähmet depderçäme (Trudowoý) ýazylýarmy?

Hawwa, haçanda siz kompaniýa bilen şertnama (kontrakt) baglaşanyňyzda. Ýagny ýylyň dowamynda 5 katalokda yzygider 2000 baly saklasaňyz (18 katalogyň içinde 5 gezek yzygiderli 2000 bala ýetmeli). Şondan soň siziň zähmet depderçäňiz ýöredilip başlanýar. Aýlygyňyzy nagt (naliçiý) alyp başlaýaňyz. Oňa çenli gazanan aýlyklaryňyzy Faberlic-den zakaz etmäge harçlap bilýärsiňiz. (Onuň üçin alada edip oturmagyň geregi ýok, eger yhlas etseň oňa ýetmek kyn däl)

 

  1. Kompaniýanyň kömegi bilen daşary ýurtlara syýahata gidip bolýar diýýärler, şol çynmy?

Hawa, kompaniýanyň kömegi bilen syýahata gidip bolýar. Faberlic kompaniýasy 45 döwletde öz işini ýöredýär we şol 45 döwletiň içinde syýahatlary gurnaýar. Her ýylky syýahatlara gitmek üçin belli bir şertler goýulýar. Şol şertleri ýerine ýetiren direktorlar syýahata gidip bilýärler (Kompaniýanyň hasabyna).

 

  1. Kompaniýanyň tassyklaýjy resminamalary (lisenziýa) barmy?

Faberlic kompaniýasy Türkmenistana 2001-nji ýylda gelýär. Şondan bäri hem ol öz işini resmi ýagdaýda alyp barýar (Zähmet depderçesi muňa mysal). Galan maglumatlar bilen Faberlic kompaniýasynyň saýty arkaly tanşyp bilýäňiz.

 

  1.  Faberlic-de özüňi nädip hasaba aldyrmaly?

Faberlic kompaniýasyna 2 ýol bilen hasaba aldyryp bolýar:

-         Özbaşdak

-         Sizi işe çagyrýanlar tarapyndan

1-nji ýagdaýda şu ýerden – Faberlic – (Faberlic kompaniýasynyň resmi saýty) girip degişli formalary doldurmak arkaly hasaba aldyryp bilersiňiz.

2-nji ýagdaýda işe çagyrýan adamlar saýtda sizi hasaba aldyryp bilýärler.

Eger-de hasaba aldyrmak meselesinde başga soraglaryňyz bar bolsa, düşünmeýän bolsaňyz, ýa-da hasaba aldyryp bilmeseňiz aşakdaky salgy boýunça imo arkaly ýüz tutup bilersiňiz!

+99362267894

 

  1. Faberlic-de gerek zadyňy nädip zakaz etmeli, tölegini nädip töläp bolýar?

Kompaniýanyň harytlaryny onuň resmi saýtyndan (Faberlic.com) ýa-da Faberlic 3.0 programmasynyň üsti bilen sargyt edip bilersiňiz. Harytlaryň tölegini zakazy edeniňizden soň kompaniýanyň ofisleriniň birine baryp töläp bilýäňiz. (Hasabyňyzdaky pul arkaly hem zakaz edip bolýar).

 

Başga-da soraglaryňyz bar bolsa (nädiň işlemek, nädip çalt ösmek barada) aşakdaky salgy boýunça imo arkaly habarlaşyp bilýäňiz!

+99363021638

 Faberlic kompaniýasynda siz diňe ýokary hilli we zyýansyz önümleri tapyp bilersiňiz.